Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak hökümeti ýurtda dini gözegçiligi güýçlendirýär


Gazak parlamentiniň ýokarky palatasy dini guramalary hasaba almak çärelerini berkleşdirýän kanun taslamasyny tassyk etdi. Bu kanun bar bolan dini guramalaryň täzeden, täze düzgünler esasynda hasaba alynmagyny talap edýär.

Bu kanun taslamasy parlamentiň aşaky öýünde 21-nji sentýabrda tassyk edilipdi. Täze düzgüne görä, dini binalaryň gurluşygy üçin ýerli häkimiýetlerden rugsat alynmaly we ýaşlara dini bilim bermek hem şolaryň gözegçiliginde amala aşyrylmaly.

Birleşen Ştatlarda ýerleşýän “Azatlyk öýi” guramasy bu çäreleriň gazaklaryň öz ynanjyna erkin uýmak hukuklaryny çäklendirjegini aýdýar.
XS
SM
MD
LG