Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsüriň partiýalary saýlawlary boýkot etmez


Ýekşenbe güni Müsüriň syýasy partiýalarynyň bir topary ýurduň harby hökümetiniň saýlawlar baradaky düzgünlere girizen käbir üýtgetmelerinden soň, özleriniň geljekki saýlawlary boýkot etmejekdiklerini mälim etdiler.

Bu syýasy partiýalar Müsüriň ozalky lideri Hosni Mubarege ygrarly adamlaryň parlament saýlawlaryna gatnaşmaklaryna garşy çykyş edýärler.

Şeýle hem, olar öz wekillerine partiýa sanawlary boýunça-da, partiýa sanawyndan daşary-da orunlara dalaş etmäge mümkinçilik berilmegini talap edip gelýärdiler.

Şenbe güni Müsüriň dolandyryjy harby geňeşi şu edilen talaplara laýyklykda saýlawlar baradaky düzgünlere käbir üýtgetmeleri girizdi.
XS
SM
MD
LG