Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: sosial pudaga goýberilýän pul artdyrylar


Şenbe güni türkmen parlamenti öz maslahatynda “Türkmenistanyň 2012-nji ýyl boýunça Döwlet býujeti” baradaky kanunyň proýektini biragyzdan kabul etdi.

Türkmenistanyň resmi habar agentligi Döwlet býujeti baradaky bu kanuny proýektiň geljek ýyl sosial maksatlar üçin goýberilýän serişdeleri görnetin artdyrmagy göz öňünde tutýandygyny habar berýär.

Bu resmi maglumata görä, 2012-nji ýylyň Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 74 milliard 908 million manatdan sähel gowrak bolup, çykdajy bölegi 76 milliard 398 million manatdan gowrak bolar.

Sarp ediljek ýyllyk býujetiň 76,7 prosentiniň sosial pudagy ösdürmeklige gönükdiriljekdigi habar berilýär.

Ýöne käbir synçylar soňky ýyllar “sosial pudak” diýlip sarp edilýän serişdeleriň myhmanhanalar, medeni obýektler, sport obýektleri, administratiw jaýlar ýaly gymmatbaha gurluşyk obýektlerini-de öz içine alýandygyny aýdyp, bu serişdeleriň aglaba böleginiň ilatyň zerur sosial hajatlaryna sarp edilmeýändigini öňe sürýärler.
XS
SM
MD
LG