Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azeri sudy üç aktiwisti türme tussaglygyna höküm etdi


Duşenbe güni Azerbaýjanyň sudy şu ýylyň aprelinde hökümete garşy protest demonstrasiýasyna gatnaşan üç sany aktiwistiň her birini 2,5 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Sud oppozision “Musawat” partiýasynyň lideriniň orunbasary Arif Hajilini, şu “Musawat” partiýasynyň ýaşlar guramasynyň lideri Tural Abbaslini hem-de “Meşhur Front” atly oppozision partiýanyň agzasy Mahammad Majidlini jemgyýetçilik düzgün-tertibini bozmakda we häkimiýetlere garşylyk görkezmekde günäli tapdy.

Azerbaýjanyň oppozision toparlarynyň onlarça wekili düýn suduň binasynyň öňüne ýygnanyp, suduň çykaran bu hökümini ýazgardylar we syýasy şygarlary gygyryp, çykyş etdiler.

Awgust aýynda apreldäki şol demonstrasiýa gatnaşyjylardan ýene 6-sy 1,5 ýyl bilen 3 ýyl aralygynda türme tussaglygyna höküm edilipdiler.
XS
SM
MD
LG