Duşenbe güni Gazagystanyň “Döwlet dili” atly milli hereketiniň agzalarynyň ýüzlerçesi Almaty şäherinde gazak diliniň ýurtda has giň derejede ulanylmagyna çagyryş edip, piket geçirdiler.
Bu milli hereketiň agzasy, gazagystanly lingwist Tursunbek Kakişew öz eden çykyşynda gazak dilini giňden ulanmak prosesiniň prezident Nursoltan Nazarbaýewden başlamalydygyny nygtady.
Soňky wagtlar Gazagystanyň “Döwlet dili” atly milli hereketiniň agzalary ýurduň döwlet we hökümet organlarynda, jemgyýetçilik çärelerinde we okuw jaýlarynda rus diliniň az ulanylyp, gazak diliniň has giňden ulanylmagyna çagyryş edip gelýärler.
Gazagystanyň konstitusiýasyna laýyklykda gazak dili “döwlet dili” statusyna, rus dili bolsa “resmi dil” statusyna eýe.

Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.