Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara guramalar Ýazgulyýewiň sud işine alada bildirýär


Sişenbe güni giçlik Ahal welaýatynyň Kaka şäherçesinde Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň ştatdan daşary habarçysy Döwletmyrat Ýazgulyýewe garşy sud prosesi başlandy. Bu sud diňlenişigi çarşenbe güni ýene dowam eder diýlip garaşylýar.

Sişenbe güni sud diňlenişiginiň gijikdirilip agşamaralar geçirilendigi hem-de onda Döwletmyrat Ýazgulyýewiň iki garyndaşynyň we bu işe gatnaşygy bolan ýene bir aýalyň sorag edilendigi habar berilýär. Gowşan maglumata görä, Ýazgulyýewe bildirilýän aýyplamalar boýunça sudda sorag edilenler onuň günäsizdigine güwä geçipdirler.

43 ýaşly Döwletmyrat Ýazgulyýew 27-nji sentýabrda Kaka etrabynyň polisiýa edarasy tarapyndan tussag edilipdi. Ýazgulyýewiň dogan-garyndaşlary onuň maşgala dawalary bilen baglanyşykly aýyplanyp tussag edilendigini we oňa bildirilýän aýyplamalaryň bütinleý ýerliksizdigini aýdýarlar.

Şu ýylyň iýulynda Abadan wakalarynyň yzýany Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri Ýazgulyýew bilen duşuşyp, oňa žurnalistik işi üçin jenaýata çekilmeginiň mümkindigi barada duýduryş beripdiler.

Käbir beýleki guramalar bilen birlikde, Nýu-Ýorkdaky ynsan hukuklaryny goraýjy “Freedom House” guramasynyň bölüm ýolbaşçysy Kristofer Wolker hem bu bolan waka aladasyny bildirdi.

“Hiç bir žurnalist öz professional işi üçin tussag edilmeli däl. ‘Freedom House’ guramasy şeýle hereketiň derhal togtadylmagyny we türkmen žurnalistiniň boşadylmagyny talap edýär” diýip, “Freedom House” guramasynyň bölüm ýolbaşçysy Kristofer Wolker nygtady.

Düýbi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasy hem žurnalist Ýazgulyýewiň garşysyna 4-nji oktýabrda sud prosesiniň başlanmagyna çuňňur alada bildirip, ýörite metbugat beýanatyny ýaýratdy. “Türkmenistanda garaşsyz žurnalistleriň yzarlanmagy ýönekey mesele bolmakdan juda daşda” diýlip, guramanyň beýanatynda aýdylýar.

“Ýurtda žurnalistikanyň jenaýatlaşdyrylmagyny, sud sistemasynyň doly garaşly bolmagyny, türmedäki şertleriň juda ýaramazlygyny göz öňünde tutup, biz bu işiň beterleşmeginden gorkýarys. Ýazgulyýewe ýöňkelýän aýyplamalaryň dereksiz bolmagy, jenaýat işini gozgamak bilen žurnalistiň Azatlyk Radiosyna ýazan bloglarynda aýdýan maglumatlary üçin ondan ar alynýandygy aýan edýär” diýlip, “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň metbugat beýanatynda bellenýär.
XS
SM
MD
LG