Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Himiýa boýunça Nobel ysraýylly alyma berildi


Nobel baýragy boýunça Komitet şu ýylyň himiýa boýunça baýragyny ysraýylly alym Daniýel Şehtmana bermek barada karara geldi. Ol kwazikristallary açandygy üçin bu abraýly baýraga mynasyp boldy.

6-njy oktýabrda edebiýat boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolanyň ady yglan ediler. 10-njy oktýabrda bolsa ykdysadyýetde gazanylan öňegidişlikler üçin Nobel baýragynyň eýesi belli bolar.

Adamzat medeniýetiniň ösüşi ugrunda gazanylan öňegidişlikler üçin berilýän iň abraýly halkara baýragyň düýbini 1901-njy ýylda şwed senagatçysy Alfred Nobel tutupdy.
XS
SM
MD
LG