Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz žurnalistiniň ölüminiň düşündirilmegi talap edilýär


Penşenbe güni Gyrgyzystanyň parlamentiniň spikeriniň orunbasary Asiýa Sasykbaýewa ýurduň ozalky prezident administrasiýasynyň başlygy Medet Sadyrkulowyň hem-de garaşsyz žurnalist Gennadiý Pawlýugyň öldürilmeginiň biri-biri bilen baglanyşyklydygyny nygtap çykyş etdi.

Emma ol bu iki wakanyň nähili baglanyşygynyň bardygy barada anyk gürrüň etmedi.

Parlamentde eden bu çykyşynda Asiýa Sasykbaýewa ýurduň organ işgärlerinden we baş prokuraturasyndan bu iki waka boýunça alyp barýan derňew işleriniň netijelerini jemgyýetçilige açyk etmekligi talap etdi.
XS
SM
MD
LG