Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

20 sany britan bankynyň reýtingi peseldildi


7-nji oktýabrda ykdysady ösüşe baha berýän halkara “Moody’s” agentligi Britaniýanyň 20 bankynyň ygtybarlylyk derejesini pese düşürdi. Olaryň hatarynda hökümete degişli “Royal bank of Scotland” we “Lloyds” hem bar.

Agentlik banklaryň ygtybarlylyk derejesini peseltmegiň sebäbini bu banklara kömek zerur bolanda olaryň hökümetden ýardam almak mümkinçiliginiň peselendigi bilen düşündürdi.

Şol bir wagtda-da “Moody’s” agentligi aýry-aýry banklaryň reýtinginiň pese düşürilmegi Britaniýanyň tutuş bank sistemasynyň gowşandygyny aňlatmaýar diýýär.

Banklaryň ygtybarlylyk derejesi pese düşürlensoň, olaryň maliýe bazaryndaky aksiýalarynyň bahasy hem takmynan 3% aşaklady.
XS
SM
MD
LG