Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Alla berýär


Çeçenstanyň prezidenti Ramzan Kadyrow
Çeçenstanyň prezidenti Ramzan Kadyrow
“Alla berýär”. Geçen hepdede aýdylan bu söz hemmäniň ünsüni çekdi. Žurnalistiň Çeçenstanyň maliýeleşdirilmeginiň çeşmeleri baradaky sowalyna prezident Ramzan Kadyrow hut şeýle jogap berdi. Ol bu sözleri 5-nji oktýabrda, haçan-da Groznyda şäheriň güni görlüp-eşidilmedik derejelerdäki kaşaň dabara bilen bellenilip geçilende aýtdy. Özem, elbetde, bu uly dabara “bütinleýin tötänlikde” respublikanyň baştutanynyň doglan güni bilen gabat geldi.

“Alla berýär” diýlip düşündirilip aýdylan söz köp babatda öz döwründe Putiniň “Gämi gark boldy” diýen sözlerini ýadyňa saldy. Şeýlelikde, Moskwanyň döwlet uniwersitetiniň dilçi alymy, professor Anatoliý Baranowa sowal bilen ýüzlenýäris:

—Köp kişi R. Kadyrowyň dilinden “Allanyň Çeçenistana pul berenini” eşidip, Putiniň suwasty gämi barada “Gämi gark boldy” diýen sözlerini ýadyna saldy. Siziň nukdaý nazaryňyzdan şeýle dilewarlyga nähili düşündiriş berip bolar we şunuň ýaly üýtgeşik aýdylan sözler näme üçin ýatda galýar?

—Munuň özi dymmagyň adaty ritoriki usuly. Bu barada ritorikada örän jikme-jik suratlandyrylýar. Ylmy babatda oňa aposiopezis diýilýär. Şeýle usul dürli görnüşlerde ulanylýar. Şolaryň bir görnüşi—haçan-da sözlemiň arasy üzülende şu görnüşe eýe bolýar. Şeýle ýagdaý adatça, gazet makalalaryna mahsus. Mysal üçin, ylym baradaky haýsydyr bir makalanyň sözbaşysy “Bäý-bä, biziň üçin nähili täsin açyşlar…” diýlip atlandyrylyp bilner. Şu ýerde sözbaşynyň soňky sözüniň soňundaky köp nokada üns bereliň. Bilimdar kişiler Puşkinden alnan bu sitatanyň dowamyna belet. Şonuň üçinem olara makalada aýdyljak bolunýan pikir gyzykly bolup görünýär.

Ynha, şeýleräk usul bilen hem söz oýnadylaýmasy bar: haçan-da kimdir biri “Şol zat barada hiç zat aýdasyň gelenok…” diýip, yzyndanam aýdasy gelmeýän zadyny aýdyp goýberýär. Bulam bir dymmagyň açyk görnüşi, ulanylaýýan usulyň bir görnüşi.

Kadyrowyň “Alla berýär. Pullaryň nireden gelýänini bilemok” diýen sözlerinde-de dymmak usuly gaýtalanýar. “Alla berýär” bärde, gürrüňsiz, idioma. Çünki Kadyrowyň gös-göni Allany göz öňünde tutmaýany düşnükli, sebäbi ol şundan soň nämäni göz öňünde tutýanyna düşündiriş berýär. Ýagny, bu “Alla berýär” sözüniň aktual manysy Kadyrowyň gepiniň soňunda aýdyňlaşýar.

—Eger-de men size dogry düşünen bolsam, onda munuň özi “Alla bilsin!” sözi ýaly bir zat-da?

—Dagy näme. Haçan-da biz şu sözleri aýdanymyzda Allany göz öňünde tutamzok. Bu idiomalaryň häzirki bar bolan düzgünlere laýyklykda kiçi harplar bilen ýazylmagy tötänden däldir. Bir zadam anyk. Esasy sebäp sowala gös-göni jogap bermäge islegiň ýoklugydyr. Eger-de biz bu sözi Putiniň interwýu beren mahaly “Gämi gark boldy” diýip, suwasty gämisi barada aýdan sözi bilen degşirip görenimizde onda bärdäki ýagdaý az-kem başgaçarakdyr. Elbetde, Putiniňkem dymmak usuly, ýöne Putin bärde degişme bilen jogap bermäge çalyşýar. Bu degişmäniň onçakly ýerine düşmändigi başga gep. Çünki ýagdaý juda pajygalydy. Ýöne ol jogapdan gaçmaga çalşypdy. Sebäbi oňa suwasty gämisiniň töwereginde bolup geçen wakalara düşündiriş bermek örän kyndy. Şonuň üçinem ol hem degişme bilen, hem dymmak bilen bu gürrüňden daşlaşmaga çalşypdy.

Kadyrow babatda aýdanyňda bolsa, onuň sözlerinde hatda görnüp duran degişme-de ýok. Munuň özi temadan göz-görtele gaçmaga çalyşmak. Sebäbi şeýle gürrüň oňa onçakly ýarap baranok. Näme üçin ýaranok? Sebäbi biz oppozisiýanyň ýa-da, belli bir derejede, oppozisiýanyň haýsydyr bir wekilleriniň “Kawkazy doýurmany bes etmeli” diýen şygary öňe sürýänini bilýäris. Şu mesele boýunça internetde ullakan çekişme gidýär, Kadyrow welin bu fakty açyk boýun almak islänok—özüniň şu pullary federal býujetden alýanyny boýun almak islänok. Eger şeýle etse, onda onuň Moskwa maliýe baglylyk fakty açyk tassyklanyljak. Birinjiden, Kadyrow, juda bolmanda, il gözüne Moskwa baglydygyny bildirmek islänok. Beýleki tarapdan, ol “Kawkazy doýurmany bes etmeli” diýen çekişmä çolaşmak islänok. Şeýle çekişme welin, jemgyýetde herhal açyk görnüşde-de, ýapyk görnüşde-de dowam edýär. Kadyrow şu zatlardan daşlaşmak isleýär.

Maňa iňňän gyzykly bolup görnen zat (men internetde replikalaryň belli bir bölegini, şol sözlere Kadyrowyň garaýyşlaryny okap çykdym), olam köp adamlaryň “Alla berýär” sözüniň lingwistikadaky “içerki forma” diýilýänine üns bermekleri. Köp kişi: “Geň zat, haçan-da Allanyň nebiti tükenende Kadyrow näme işlärkä?” diýýär. Şuny ara alyp maslahatlaşýanlar onuň aktual manysyny däl, hakykat ýüzünde Kadyrowyň näme aýtmak islänini hem däl, (ol welin, “bilemok, bilmegem islämok” diýmek isläpdi), eýsem Hudaýa, Allatagala salgylanmany ara alyp maslahatlaşýarlar. Ýogsa, bärde munuň, elbetde, aktual ähmiýeti ýokdy.

Geliň, Kadyrowyň “Alla berýär” diýen jogabynyň näderejede ýerlikli bolandygy barada oýlanyp göreliň. Kadyrow üçin onçakly ýarap durmadyk temanyň galdyrylandygy düşnükli. Ýöne şu sowala doly jogap bermekden gaça durmak hökmanmydy? Kadyrow, elbetde, puluň nireden gelýänini gaty gowy bilýär. Şonuň üçinem bärde nähilidir bir başgaçarak usul ulanylan bolsa, ýerine düşerdi. Sebäbi ol maslahatlaşmak islemedik zadynyň töwereginde kän aýlandy.

Syýasy kommunikasiýada hem-de syýasy-jemgyýetçilik tekstlerinde dymmak usuly hemişe ýerlikli bolup duranok.

—Ýagny, haçan-da şeýle jogap berlende, munuň özi jemgyýetçiligiň belli bir böleginde özüne hormat goýulmaýar diýen duýgy döreýärmi?

—Dagy näme. Sebäbi bärde daş-töwerekdäkileri, jemgyýeti tentek hasaplamak duýgusy görünýär. Puluň nireden gelýänine bar kişi gaty gowy düşünýär. Çeçenistanyň pul ýasamaýany köre hasa ahyry. Eger-de Çeçenistan Russiýa Federasiýasyndaky donor regionlaryň biri bolan bolsady, onda, munuň özi, Kadyrow üçin örän ýakymly bolardy diýip hasaplaýaryn. Emma bu beýle däl. Hemme kişem muny gaty gowy bilýär. Haçan-da şunuň ýaly kommunikasiýa usullary ulanylan mahaly özlerine aýdylýan sözlere sähelçe düşünýän we şol sözleri analiz edip bilýän adamlar üçin “Alla berýär” diýen ýaly aňlatmalar olary sylamazlyk bolýar. Ritorikada dymmak usuly täsir etmegiň iň netijeli usullarynyň biri hasaplanylýar. Ýöne tejribäniň görkezişine görä, real kommunikasiýada bu beýle bir ýerine düşýän zat däl. Sebäbi jemgyýetiň akyly goýazylaşýar.

Hususan-da Anatoliý Baranowyň ýatlap geçen akyly goýazylaşýan jemgyýetinde şeýleräk bir degişme-de döredi: indi biz Allanyň nähiliräk keşpdedigini bilip galdyk. Munuň ýaly pikir ýöretmeleriň zynjyrjygy ýönekeýje: Çeçenistany maliýeleşdirmek baradaky karar hökümetde kabul edilýär. Oňa kimiň ýolbaşçylyk edýäni-de hemmämize mälim.

Lilýa Palwelewa Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň žurnalisti.
XS
SM
MD
LG