Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kaddafiniň dogduk şäherinde gazaply çaknyşyklar gidýär


Liwiýanyň Sirte şäherinde henizem ýurduň geçiş hökümetine degişli ýaragly güýçler bilen Kaddafiniň tarapdarlarynyň arasynda gazaply söweş gidýär.

Maglumata görä, Milli Geçiş Geňeşiniň güýçleri Sirte şäheriniň köp bölegini öz kontrollygyna geçirmegi başarypdyr.

Kaddafiniň dogduk şäheri Sirte Liwiýanyň ozalky lideriniň tarapdarlarynyň elindäki möhüm berkitmeleriň biri. Mundan başga-da Bani Walid şäheri Kaddafiniň tarapdarlarynyň gözegçiliginde galýar.
XS
SM
MD
LG