Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa ýurtlarynda, ABŞ-da protestler dowam etdi


Ýekşenbe güni Ýewropa ýurtlarynda we ABŞ-da uly korporasiýalaryň we banklaryň garşysyna “Wol-striti eýele” diýen şygar astynda ikinji gün yzygiderli protest aksiýalary geçirildi.

Londonda, Frankfurtda we Amsterdamda ýüzlerçe adam maliýe merkezleriniň golaýynda çadyrlar gurup, protesti dowam etdirmäge çagyrdylar. Bu hereketiň başlanan ýeri Nýu-Ýorkda çadyrdan gurlan lagerler eýýäm bir aý töweregi wagt bäri bar.

Internetiň sosial seti arkaly gurnalan şenbe günki protest aksiýalary dünýäniň onlarça ýurdunda boldy. Rimde bolan bidüzgünçiliklerde, polisiýa bilen çaknyşyklarda azyndan 130 adam ejir çekdi.
XS
SM
MD
LG