Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

GDA: erkin söwda zonasy barada ylalaşyga gelindi


Sişenbe güni giçlik Orsýetiň Sankt-Peterburg şäherinde GDA bileleşigine agza döwletleriň bir topary erkin söwda zonasy barada möhüm ylalaşyga gol çekdiler.

Hususan-da, bu baradaky ylalaşyga GDA agza Orsýetiň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Täjigistanyň we Ukrainanyň hökümet ýolbaşçylary gol goýdular.

Erkin söwda zonasyny döretmek baradaky düýnki kabul edilen dokumente GDA bileleşigine agza Azerbaýjan bilen Özbegistan, şeýle hem GDA-nyň işine synçy hökmünde gatnaşýan Türkmenistan gol çekmedi. Bu üç ýurt bu mesele boýunça gutarnykly karara gelmek üçin özlerine ýene birnäçe hepde wagtyň gerek boljakdygyny mälim etdiler.

Täze baglaşylan bu ylalaşyga görä, indi harytlaryň örän köp görnüşiniň importyna we eksportyna girizilýän salgytlar ýatyrylar. Bu düzgünler şu geljek ýylyň ýanwaryndan güýje girmegi mümkin diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG