Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň wekili türkmen DIM-inde duşuşyk geçirdi


Sişenbe güni BMG-niň neşelere we jenaýatçylyga garşy göreş boýunça Baş karargähiniň wekili hanym Miwa Katonyň ýolbaşçylygyndaky ýörite delegasiýa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen resmileri bilen duşuşyk geçirdi.

Bu duşuşykda neşelere we jenaýatçylyga garşy göreş meselesi boýunça Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň hyzmatdaşlyklaryna degişli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşlandygy habar berilýär.

BMG-niň bu delegasiýasy Aşgabada saparynyň barşynda Türkmenistanyň neşelere garşy göreş boýunça Döwlet gullugynda-da duşuşyk geçirdi.
XS
SM
MD
LG