Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gresiýanyň paýtagtynda on müňlerçe adam protest geçirdi


Penşenbe güni Gresiýanyň paýtagty Afinyda on müňlerçe adam ýene döwletiň maliýe syýasatyna garşy protest bildirip, parlament binasynyň öňüne ýygnandy.

Gresiýanyň parlamenti penşenbe güni býujeti has-da tygşytlamak meselesi boýunça nobatdaky gezek ses berişlik geçirmekligi planlaşdyrýar.

Çarşenbe güni Afinyda 100 müňden gowrak adam häkimiýetleriň ykdysady we salgyt syýasatyna garşy protest bildirip, demonstrasiýa geçirdi.

Ýurduň resmileri bu demonstrasiýa wagty protestçiler bilen polisiýanyň çaknyşygy netijesinde 50 töweregi polisiýa işgäriniň ýaralanandygyny aýdýarlar.

Ýewropa Bileleşigi bilen Halkara pul gaznasy Gresiýa berýän karzlarynyň ödelmegi üçin bu ýurtdan öz býujetini tygşytlamaklygy talap edýär.
XS
SM
MD
LG