Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günbatar liderleri ÝB-däki bergi krizisini maslahatlaşdy


Penşenbe güni ABŞ-nyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň we Beýik Britaniýanyň liderleri Ýewrozolakdaky bergi krizisinden çykmagyň ýollaryna bagyşlap, wideokonferensiýa geçirdiler.

Germaniýanyň we Fransiýanyň liderleri Angela Merkel we Nikolýa Sarkozi häzirki emele gelen ýagdaýyň juda çynlakaýdygyna düşünýändiklerini hem krizisden çykmak üçin hemmetaraplaýyn, syýasy taýdan durnukly çözgüt tapmak üçin, uly işiň alnyp barylýandygyny aýtdylar. Bu barasynda Ak Tamyň maglumat gullugy habar berilýär.

Ýewrozolakdaky krizis meselesine hepdäniň bazar güni ÝB-e agza ýurtlaryň liderleriniň sammitinde serediler.
XS
SM
MD
LG