Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýew Türkmenistany türki dilli halklaryň ykdysady toparyna goşulmaga çagyrýar


Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew goňşy Türkmenistany we Özbegistany türki dilli halklaryň täze döredilen ykdysady toparyna goşulmaga çagyrdy.

Türki dilli halklaryň biznes geňeşi penşenbe güni Almatada geçirilen Türki dilli halklaryň hyzmatdaşlyk geňeşiniň ilkinji sammitinde döredildi.

Nazarbaýew Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew, Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewa we Türkiýäniň premýer-ministriniň orunbasary Bekir Bozdag bilen geňeşe agza ýurtlaryň hyzmatdaşlygyny ösdürmek barada maslahat etdi.

Nazarbaýew çykyş edip, “biziň ählimiz halkara derejesindäki gurama bolmaga gyzyklanma bildirýäris. Biz bir gün özbek we türkmen doganlarymyzyň hem goşuljakdygyna umyt edýäris” diýdi.
XS
SM
MD
LG