Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

“WikiLeaks” öz işini bes edýändigini yglan etdi


Birleşen Ştatlaryň gizlin diplomatik hatlaryny internet arkaly jemgyýetçilige ýaýradap gelen “WikiLeaks” saýty duşenbe güni özüniň bu işini bes edýändigini yglan etdi.

“WikiLeaks” özüniň bu kararyny indi maliýe meseleleri bilen baglanyşykly öz problemalaryny çözmeklige gönükdirjekdigi bilen düşündirdi.

“WikiLeaks” kompaniýasy özüne garşy “MasterCard”, “Visa”, “Western Union” we “PayPal” ýaly guramalar tarapyndan girizilen maliýe blokadalary sebäpli şeýle karara gelmäge mejbur bolandygyny aýdýar.

“WikiLeaks” kompaniýasy äşgär edilmedik ýollar arkaly öz eline düşen Birleşen Ştatlaryň diplomatik edaralaryna degişli gizlin hatlaryň ýüz müňlerçesini geçen ýyldan bäri internetde ýerleşdiripdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG