Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew azatlyga çykaryldy


Döwletmyrat Ýazgulyýew
Döwletmyrat Ýazgulyýew
Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň maglumatyna görä, garaşsyz žurnalist, Azatlyk Radiosynyň ştatdan daşary habarçysy Döwletmyrat Ýazgulyýew prezidentiň yglan eden günä geçişligi esasynda çarşenbe güni irden azatlyga çykaryldy.

Žurnalist Ýazgulyýew 27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Ahal welaýatynda tussag edilipdi. Oňa garşy maşgala agzalaryndan birini janyna kast etmäge synanyşyga mejbur etmekde günä bildirilipdi. 5-nji oktýabrda bolsa oňa 5 ýyl iş kesildi.

Žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew bilen bagly 5-nji oktýabrda geçirilen sud diňlenşigi kadaly iş sagadynyň daşynda we ýapyk gapylaryň aňyrsynda amala aşyrylypdy. Şol diňlenşikde Ýazgulyýewiň aklawçysy hem bolmandy.

Düýbi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz Reportýorlar” guramasy, düýbi ABŞ-da ýerleşýän “Freedom House” guramasy we Žurnalistleri goramak boýunça komitet (CPJ) Ýazgulyýewe garşy görülen bu çäräni onuň žurnalistik işi bilen baglanyşdyrdy.

Ahal welaýatynyň Änew şäherçesinde ýaşaýan žurnalistiň maşgala agzalary hem Ýazgulyýewe garşy görlen şol çäräniň onuň žurnalistik işleri bilen baglydygy we onuň sýyasy äheňlidigi barada özlerinde ýeterlik dokumentiň bardygyny aýdypdylar.

Ýeňil bolmadyk kär

Ýazgulyýew iýul aýynda Abadanda ýarag ammarynda bolan partlamalar barada ilkinji bolup habar beren žurnalistlerden biri bolupdy. Hökümet ilki başda şol partlamalary kiçiräk bir waka hökmünde görkezip, onuň üstüni örtmäge synanyşypdy.

Şol wakadan az wagt soňra Döwletmyrat Ýazgulyýew partlamalar bilen bagly geçiren garaşsyz žurnalistiki derňeweleri we ýazan bloglary sebäpli howpsuzlyk edarasyna çagyrylypdy we oňa tussag edilmek ähtimallygy barada duyduryş berilipdi.

ABŞ-nyň kongresmenleri tarapyndan 12-nji oktýabrda Türkmenistanyň Waşingtondaky ilçisine ýollanan hatda Ýazgulyýewiň tussag edilmeginiň türkmen türmelerinde saklanýan ençeme beýleki syýasy tussaglar bilen bagly aladany-da has artdyranlygy nygtaldy.

ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynyň daşary gatnaşyklar komitetiniň ýokary derejeli agzasy, kongresmen Howard Berman garaşsyz žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýewiň tussag edilmeginiň erkin jemgyýetlerde çydam edip bolmajak hereketdigini aýdypdy.

Azat Ýewropa / Azatlyk Radiosynyň prezidenti Stiw Korn Ýazgulyýewiň boşadylmagyny gowy garşylady: "Onuň azat bolmagyna şat bolduk, emma AÝ/AR onuň tussag edilmeginiň kabul ederliksiz we juda biynjalyk ediji bolandygy baradaky pozisiýasynda durýar".

43 ýaşly garaşsyz žurnalist, edebiýatçy Döwletmyrat Ýazgulyýew özi barada eden aladalary üçin Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna, degişli halkara guramalara, duýgudaşlygyny bildiren okyjylaryna we diňleýjilerine özüniň minnetdarlygyny bildirdi.

Döredijilik ýoly

Ýazgulyýew Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetini tamamlan, alan ýokary bilimi boyunça filolog we žurnalist. Uniwersiteti tamamlandan soňra, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Dil we edebiýat institutynda kiçi ylmy işgär bolup işleýär.

Soňraky ýyllarda Ýazgulyýew TDU-da gadym döwrüň türkmen edebiýatyndan talyplara sapak berýär. Soňra žurnalistika bilen meşgullanyp, Türkmenistanyň resmi metbugatynda işleýär. 2007-nji ýylda Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugy bilen hyzmatdaşlyga başlaýar.

Žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmen halkynyň ykdysady, syýasy, jemgyýetçilik, medeni we ýaşaýyş durmuşyny beýan edýän, ýurtdaky gaýragoýulmasyz meselelere ünsi çekýän ençeme makalalaryň, žurnalistiki synlaryň awtorydyr.

Şwesiýada ýerleşýän "Gün" neşirýaty Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy mynasybetli, türkmen dilindäki edebi eserleriň arasynda "Dogduk topragyň howandary-2011" ady bilen gurnan bäsleşiginde baş baýragy Ýazgulyýewe bermegi karar etdi.

"Gün" neşirýatynyň baş redaktory, ýazyjy Akmuhammet Welsapar bäsleşigiň baş baýragyny žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýewe bermek barada gelnen bu karary onuň edebi we žurnalistik işi hem-de görkezen professional gaýduwsyzlygy bilen baglanyşdyrdy.
XS
SM
MD
LG