Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede ýer titreme netijesinde ölenler 430-dan geçdi


Türkiýäniň gündogar sebitlerinde ýekşenbe güni bolan ýer titreme netijesinde ölenleriň sany 430-dan geçdi.

Resmi maglumata görä, rihter ölçegi bilen 7,2 bala deň bolan ýer titremesinde 1,300 adama şikes ýetdi, şeýle-de 2,300 golaý bina weýran boldy.

Wan welaýatynda bolan ýer titrmede müňlerçe adam öýsüz-öwzarsyz galyp, olar çadyrlara we wagtlaýyn döredilen merkezlere ýerleşdirildi.

Sişenbe güni halas ediş çärelerinde harabaçylygyň aşagyndan iki hepdelik bäbek gyzjagaz, onuň ejesi we mamasy çykaryldy.
XS
SM
MD
LG