Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama: Kaddafiniň ölümi diktatorlar üçin uly yşarat


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama çykyş edip, Muammar Kaddafiniň öz ýurduna demokratiýany getirmek mümkinçiligini elinden gidirendigini aýtdy, şeýle-de Liwiýanyň ozalky lideriniň ölüminden dünýäniň ähli diktatorlarynyň netije çykarmalydygyny belledi.

“Bu adam ýurdy 40 ýyllap terrorda saklady, terrorizmi goldady. “Arap bahary” döwründe häkimiýetden el çekip, demokratiýa parahatçylykly geçişi sazlap bilerdi. Biz oňa ýeterlik mümkinçilikleri beripdik, ol onda-da etmedi” diýip, Obama NBC telekanalynyň "Tonight Show" gepleşiginde aýtdy.

“Elbetde, hiç haçan hiç kimiň onuň düşen gününe düşmegini islemersiňiz. Emma, meniň pikirimçe, bu waka dünýäniň dürli künjeginde azat bolmak isleýän adamlary dolandyrýan diktatorlar üçin güýçli yşaratdyr” diýip, Obama aýtdy.

Bu aralykda, Muammar Kaddafi, 20-nji oktýabrda Sirte şäherinde ele salnyp öldürilenden soň, çölüň içinde näbelli bir ýerde jaýlandy.

Kaddafiniň ogullarynyň biri Saif al-Islam azatlykda gezip ýör. Milli geçiş geňeşiniň resmisiniň aýtmagyna görä, Saif al-Islam ýasama pasport bilen ýurdy terk etjek bolýar.
XS
SM
MD
LG