Şu gün Türkmenistanda ýurduň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Paýtagt Aşgabatda harby parad gurnaldy.
Bu waka mynasybetli Türkmenistanyň resmi metbugatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň halkyna eden gutlag ýüzlenmesi çap edildi.
20 ýyl mundan ozal, ozalky Sowet Soýuzynyň dargamagynyň yzy bilen, 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistan resmi ýagdaýda öz garaşsyzlygyny yglan edipdi.