Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwaly futbol janköýerini öldürene 20 ýyl iş kesildi


Anna güni Orsýetiň sudy geçen ýylyň dekabrynda moskwaly bir futbol janköýerini öldürenlikde aýyplanylýan Aslan Çerkesowy 20 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Moskwanyň şäher sudy Aslan Çerkesowy bilkastlaýyn adam öldürmekde günäli tapdy.

Mundan daşary, sud Aslan Çerkesow bilen bilelikde hüjüme gatnaşan beýleki bäş adamyň-da her birini bäş ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Geçen ýylyň dekabrynda bu hüjümde moskwaly ýaş ýigit Ýegor Swirodowyň ölmegi bilen baglanyşykly waka Moskwada aşa milletçileriň birnäçe günläp bulagaýçylykly demonstrasiýa geçirmeklerine sebäp bolupdy.
XS
SM
MD
LG