Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabulda NATO-nyň ulag kerwenine hüjüm edildi


Şenbe güni Owganystanyň paýtagty Kabulda koalision güýçleriň ulag kerweniniň barýan ýolunyň gyrasynda içine bomba ýerleşdirilen bir ýeňil maşyn partladyldy. Wakada azyndan dört adamyň ölendigi habar berilýär.

Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary bu ölen adamlardan üçüsiniň ýerli parahat ýaşaýjylardygyny we biriniň polisiýa işgäridigini aýtdy.

Bu wakanyň yzy bilen "Talyban" söweşijileri bu hüjümi özleriniň gurnandyklaryny we onda NATO-nyň esgerlerinden 25-siniň ölendigini öňe sürüp, beýanat ýaýratdylar.

Emma häzirlikçe NATO-nyň resmilerinden anyk çekilen ýitgiler barada maglumat alynmady.
XS
SM
MD
LG