Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gaza-Ysraýyl: Pan Gi Mun garşylyklaýyn hüjümleri ýazgardy


BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun Gaza sektoryndan Ysraýyla raketa atylmagyny we oňa Ysraýylyň howa hüjümleri bilen jogap bermegini ýazgardy.

Bu waka netijesinde 9 palestin söweşijisi we bir ysraýylly asuda ýaşaýyjy öldi.

Şonuň ýaly-da, Pan Gi Mun Ysraýyly sabyr-takatly bolmaga çagyrdy. Onuň bu beýannamasy şenbe we bazar güni bolan wakalar bilen baglanyşykly.

Ysraýylyň howa hüjümlerinden birnäçe sagat öň “Yslam jihadi” atly topar Müsüriň araçy bolmagynda gelnen ylalaşygy ýerine ýetirmäge söz beripdi.

Emma ysraýylly harbylar öz ýurduna garşy täze raketa hüjümlerini etmäge taýýarlanan söweşijilere hüjüm edendiklerini tassyklaýarlar.
XS
SM
MD
LG