Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan hökümetiniň resmisi Aşgabada sapar edýär


Britan hökümetiniň Hazaryň energiýa baýlyklary boýunça geňeşçisi Angus Miller Türkmenistana sapar edýär. Ol energiýa hyzmatdaşlygy barada Aşgabatda açyljak halkara konferensiýa gatnaşýar diýip, resmi metbugat ýazdy.

Çarşenbe güni Miller Nebit-gaz senagaty we mineral resurslary ministrliginde, prezidentiň ýanyndaky Uglewodorod resurslary boýunça Döwlet agentliginde we “Türkmengaz” döwlet konserninde gepleşikler geçirdi. Duşuşyklarda energiýa boýunça özara hyzmatdaşlygy ösdürmek barada gürrüň edildi.
XS
SM
MD
LG