Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Täjigistan: ÖYH-niň agzasy bolmakda aýyplanýanlara iş kesildi


Täjigistanda “Özbegistanyň yslam hereketi” atly toparyň agzasy bolmakda aýyplanan üç adam 8-9 ýyl aralygynda türme tussaglygyna höküm edildi.

Sudýa Anwar Temurowyň görkezmesi bilen, şol üç adam jenaýat toparyny gurnamakda we oňa gatnaşmakda günäli tapylansoň, olar ýokary derejede goralýan türmä ugradyldy.

Täjigistanyň Içeri işler ministrliginiň Sogd welaýaty boýunça edarasynyň berýän maglumatyna görä, şu ýylyň dokuz aýynyň dowamynda “Özbegistanyň yslam hereketi” toparyndan 33 adam tussag edilipdir.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG