Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik raýatynyň ölüminiň derňelmegine çagyrylýar


Täjigistanyň gynamalara garşy hökümete degişli bolmadyk guramalarynyň koalisiýasy häkimiýetleri polisiýanyň wagtlaýyn tussaghanasynda gynalmagy netijesinde ölendigi şübhelenilýän raýat barada derňew geçirmäge çagyrýar.

Koalisiýanyň mälim etmegine görä, 19-njy oktiýabrda Bahromoddin Şodiýew ogurlyk edenlikde şübhe bildirilip, Duşenbedäki wagtlaýyn tussaghana salnypdyr. Şol gün ony keselhanada operasiýa etdiler.

Şodiýewiň enesiniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ol özüniň etmedik günälerini boýun alýança, gazaply urlup-ýenjilipdir. Şodiýew şol ýaralary sebäpli, keselhanada 10 gün ýatandan soň aradan çykdy.

Hökümete degişli bolmadyk Gynamalara garşy guramalaryň koalisiýasy häkimiýetleriň B.Şodiýewiň ölümi barada derňew geçirmegini talap edýärler.

Penşenbe güni Içeri işler ministrligi bu iş boýunça derňew geçirilýändigini mälim etdi. Emma üç gün mundan öň bu ministrlik Şodiýewiň izolýatordan gaçmak üçin birinji gatyň penjiresinden bökende ýaralanandygyny aýdypdy.

Şu ýylyň başlarynda Safarali Sangow hem gümürtik ýagdaýlarda wagtlaýyn tussaghanada ölüpdi.
XS
SM
MD
LG