Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda Amerika garşy şygarlar gygyryldy


Müňlerçe eýranly şu gün “Amerika ölüm” diýen şygary gygyryp, 1979-njy ýylda Birleşen Ştatlaryň Eýrandaky ilçihanasynyň söweşijiler tarapyndan basylyp alynmagynyň ýyl dönümini bellediler.

1979-njy ýylyň 4-nji noýabrynda Eýranda, Amerika tarapyndan goldanylýan şanyň agdarylmagyndan bir aý soň, rewolýusiýa pikirli studentler Birleşen Ştatlaryň ilçihanasyna hüjüm edipdi. Şonda amerikanyň 52 diplomaty ýesir alnypdy. Munuň netijesinde, Eýran bilen Amerikanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar togtadylypdy.
XS
SM
MD
LG