Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

80 müň çemesi musulman Moskwanyň köçelerinde namaza durdy


Onlarça müň musulman erkegi Moskwanyň aňzak sowugynda egin-egne berip, Gurbanlyk baýramyny bellemek üçin, köçede bilelikde namaza durdy.

Polisiýa bu baýramy Moskwada 170 müň adamyň belleýändigini, 80 müň çemesi adamyň bolsa bir zaman Moskwanyň esasy metjidiniň ýerleşen ýerindäki köçä ýygnanadygyny aýtdy.

100 ýyl mundan öň gurlan metjit sentýabr aýynda ýykylypdy we onuň gapdalyndan başlanan täze metjidiň gurluşygy heniz tamamlanmandyr.

Hasaplamalara görä, rus paýtagtynda ýaşaýan ýa işleýän musulmanlaryň sany 2 million bilen 5 million aralagynda, emma şäherde bary-ýogy birnäçe metjit bar.

Aňzak howada köçede namaza durmaga ýürek edenleriň köpüsi ozal Sowet Soýuzynyň bir bölegi bolan Merkezi Aziýadan gelen migrant işçilerdir.
XS
SM
MD
LG