Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO-nyň başlygy Waşingtonda Obama bilen duşuşýar


NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen şu gün, harby ýaranlyk Liwiýadaky missiýasyny tamamlandan bir hepde soň, Waşingtonda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bilen duşuşýar.

Şeýle-de Rasmussen ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillari Klinton, goranmak sekretary Leon Panetta, milli howpsuzlyk geňeşçisi Tom Donilon we amerikan Senatynyň agzalary bilen hem duşuşar.

NATO-nyň baş sekretarynyň sapary Birleşen Ştatlaryň 2012-nji ýylyň maýynda Çikagoda NATO sammitini myhman aljak wagtyndan alty aý öň bolýar.
XS
SM
MD
LG