Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Gresiýadan bergi ylalaşygy barada ýazmaça wada sorýar


Ýewropa Bileleşigi düýn grek syýasy partiýalarynyň bergi halas ediş paketini goldajakdyklary baradaky hata gol çekmeklerini talap etdi. Bu talap oppozisiýa özüniň ýazmaça wada bermegi zerur hasaplamaýandygyny aýdandan soň edildi.

ÝB-niň ykdysady meseleler boýunça komissary Olli Rehn: “Täze hökümetiň 27-nji oktýabrda kabul edilen ähli karary gyşarnyksyz berjaý etjegi barada ýazmaça wada bermegi hakykatdan hem örän wajyp” diýdi.

Rehn bu sözleri ÝB-niň maliýe ministrleriniň Brýusselde geçiren bir günlük gepleşikleriniň ýapylyşynda aýtdy.
XS
SM
MD
LG