Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

TIHR BMG-niň hukuk komiteti üçin hasabat taýýarlady


Ýakynda, oktýabr aýynda adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiatiwasy” topary (TIHR) BMG-niň ykdysady, durmuş we medeni hukuklary boýunça komitetine Türkmenistanyň adam huklary boýunça BMG-niň Konwensiýasyny ýerine ýetirişi barada hasabat taýýarlady.

Azatlyk Radiosyndan Maýsa Baba gyzy bu hasabat bilen bagly toparyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Farid, täze ýaýradan dokladyňyz barada gürrüň berseňiz?

Farid Tuhbatullin
Farid Tuhbatullin
Farid Tuhbatullin: Biz bu doklady BMG-niň adamlaryň ykdysady, sosial, medeni hukuklary baradaky komiteti üçin ýazdyk. Doklad adamlaryň şeýle hukuklaryna bagyşlandy. Sebäbi Türkmenistanyň ilaty ýurtda ykdysadyýetiň , adamlaryň sosial durmuşynyň we medeniýetiniň pesliginden ejir çekýär. Türkmenistanyň halkynyň syýasy sferada passiw bolmagy, olaryň ykdysady, sosial, medeni taýdan pes bolmagy adamlaryň umumy ýaşaýyş durmuşyna ýaramaz täsir edýär. Edil şu sebäplere görä, Ýakyn Gündogarda rewolýusion hereket başlanypdy.

Azatlyk Radiosy: Siziň bu dokladyňyz tutuşlygyna Türkmenistana bagyşlanypdyr, şeýlemi?

Farid Tuhbatullin: Elbetde. Sebäbi komitetiň 18-21-nji noýabr aralygynda geçiriljek maslahatynda Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy meselesi gün tertibinde goýulýar.

Azatlyk Radiosy: Eýse, Türkmenistanda adamlaryň hukuklary haýsy sferada has köp bozulýar?

Farid Tuhbatullin: Türkmenistanyň kanunçylygynda “aýallar erkekler bilen deňhukukly” diýilýär. Emma ýurtdaky ykdysady hem sosial ýagdaýyň ýaramaz bolmagy aýallary maşgalanyň ähli jogapkärçiliklerini boýun almaga mejbur etdi. Bu bolsa türkmenleriň asyrlar boýy dowam edip gelýän däp-dessurlaryna garşydyr. Bu türkmen zenanlary üçin täze we agyr synag boldy.

Azatlyk Radiosy: Siz dokladyňyzda Türkmenistanda etniki azlyklaryň hukuklarynyň bozulýandygy barada hem ýazypsyňyz. Bu barada näme aýdarsynyz?

Farid Tuhbatullin: Türkmenistanda etniki azlyklaryň sosial hem medeni hukuklary gödek bozulýar. Meselem, Türkmenistanda özbekler, gazaklar, ruslar, koreýler we beýleki milletleriň wekilleri ýaşaýarlar. Emma ýekeje-de milli medeni merkez ýok. Olara özleriniň folklor toparyny döretmek ýa-da öz dilinde gazet -žurnal çap etmek, öz milli medeniýetini ösdürmek hukuklary berilmedi. Aslynda beýle işleri amala aşyrmak boýunça ýurduň kanunçylygynda hiç hili gadagançylyk ýok.

Şeýle hem biz dokladda Türkmenistanda çagalaryň hukuklarynyň bozulyşy barada-da maglumat berýäris.

Azatlyk Radiosy: Umuman, bu doklady ýazmakdan we ýaýratmakdan esasy magsat näme?

Farid Tuhbatullin: Türkmen resmileri bilen 18-21-nji noýabrda geçiriljek BMG-niň maslahaty uçin soňky döwürde Türkmenistanda adamlaryň hukuklarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak ugrunda edilen işler barada ýörite doklad taýýarlaýarlar. Adatça bolşy ýaly, ýurtdaky adam hukuklarynyň ýagdaýy barasynda garaşsyz ekspertler we jemgyýetçilik guramalary hem özlerinde bar bolan faktlara esaslanyp, doklad taýýarlap tabşyrýarlar. Elbetde, bu alternatiw doklad hasaplanýar. Komitetiň agzalary iki tarapyň doklady bilen tanşyp, olary deňeşdirip, netije çykarýarlar. Şol netijä görä hem ýurtda adam hukuklarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak barada türkmen hökümetine rekomendasiýa berilýär.

Azatlyk Radiosy: Eýse, komitetiň maslahatyndan soň Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy babatda özgerişlikler bolar diýip garaşyp bolarmy?

Farid Tuhbatullin: Birinjiden, komitet öz teklibini maslahatdan iki hepde geçensoň, ýa-da bir aý geçenden soň berýär. Türkmen hökümeti kämahal berlen rekomendasiýalara görä öz kanunçylygyna özgerişlik girizýär. Kämahal nähilidir bir problemalary çözmäge synanyşýar. Emma, gynansak-da, türkmen häkimiýetleri rekomendasiýalara köp ýagdaýda sowuk-sala seredýär. Ýöne türkmen häkimiýetlerine täsir eder ýaly bizde başga mehanizm ýok. Şoňa göra türkmenistanlylaryň hukuklaryny goramak üçin, biz ähli mümkinçiliklerden peýdalanýarys.
XS
SM
MD
LG