Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pentagon: Eýrana hüjüm “göz öňünde tutulmadyk netijelere” getirmegi ahmal


ABŞ-nyň goranmak sekretary Leon Panetta Eýranyň ýadro nokatlaryna garşy harby çäre görülmegi sebitde “göz öňünde tutulmadyk netijelere” getirip, belki Tähranyň ýadro programmasyny togtatmakda şowsuz hem bolup biler diýdi.

Panetta Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagyna Waşington nähili garaýar diýen soraga jogap berip, Birleşen Ştatlar Eýranyň ýadro ýaragyny edinmeginiň kabul ederliksizdigini bireýýäm açyk aýtdy diýdi. Ýöne ol harby zarbalaryň ähli netijeleriniň serasaplyk bilen oýlanyşylmalydygyny nygtady.

Panetta bu sözleri Eýranyň ýokary lideri Aýatolla Ali Hameneýi Birleşen Ştatlar bilen Ysraýylyň Eýranyň ýadro nokatlaryny ýok etmek üçin görjek islendik harby çäresi “demir ýumruklar” bilen garşylanar diýenden birnäçe sagat soň aýtdy.
XS
SM
MD
LG