Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti pagta ýygymyndan we köne jaýlardan nägile


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni hökümetiň nobatdaky wideo-maslahatyny geçirip, jogapkär ýolbaşçylardan ýurtda alnyp barylýan işler barada hasabat sorady.

TDH prezidentiň Ahal welaýatynda pagta hasylyny doly we ýitgisiz ýygnamak boýunça edilýän işleriň depgininden nägile bolandygyny ýazýar.

Şeýle-de prezident Balkan welaýatyndaky oba hojalyk işleriniň gowuşgynsyzlygyny tankytlap, ýurduň günbatar welaýatynda pagta ýygymyny hasyl doly ýygnalýança dowam etmegi tabşyrypdyr.

Metbugatdan belli bolşuna gärä, prezident maslahatyň dowamynda ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini yzygider gowulandyrmak barada hem gürrüň edipdir.

Şeýle-de ol şäheriň gözel keşbine utgaşmaýan köne jaýlaryň kändigini aýdyp, paýtagtyň şäher häkiminiň Aşgabady mundan beýläk hem abadanlaşdyrmak baradaky tekliplerini taýýarlamagyny tabşyrypdyr.
XS
SM
MD
LG