Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Italiýanyň Senaty reformalar toplumuny tassyklady


Italiýanyň Senaty ýurtda geçirilmeli möhüm ykdysady reformalaryň toplumuny tassyklady. Bular ýurduň bankroda düşmeginiň, şeýle-de Ýewropada bergi krizisiniň çuňlaşmagynyň öňüni almaga gönükdirilendir.

Reformalaryň arasynda hökümet emlägini satmak ýaly çäreler hem bar.

Bu aralykda, anna güni Gresiýada täze hökümetiň kasam çäresi geçirildi.

Penşenbe güni Gresiýada Ýewropanyň Merkezi bankynyň ozalky wise-prezidenti Lukas Papademos Gresiýanyň täze premýer-ministri diýlip, resmi taýdan yglan edilipdi.
XS
SM
MD
LG