Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda halkara energiýa forumy açyldy


Türkmenistanyň nebit we gaz pudagyna degişli halkara konferensiýasy öz işine başlady. Forum Türkmenistanyň Nebit-gaz senagaty we mineral resurslary ministrligi bilen ýurduň Söwda-senagat palatasy tarapyndan gurnaldy.

1996-njy ýyldan bäri geçirilýän bu foruma nebit we gaz pudagynda işleýän dürli daşary ýurt kompaniýalarynyň 500-e golaý wekiliniň gatnaşmaga isleg bildirendigi aýdylýar.

Bu halkara konferensiýasynyň öňüsyrasynda, 15-nji noýabrda Aşgabatdaky Sergi köşgünde “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2011” atly halkara sergisi açyldy. Bu sergä dünýäniň 20 ýurdundan 100 çemesi kompaniýanyň gatnaşýandygy habar berildi.

Sergä gatnaşan kompaniýalaryň arasynda Türkmenistan bilen öňden bäri hyzmatdaşlyk edip gelýan Malaýziýanyň "Petronas Charigali", arap-britan "Dragon oil", Hytaýyň "CNPC", Germaniýanyň "RWE", Orsýetiň "Itera", şeýle hem fransuz "Schlumberger" kompaniýalary bar.

Bu sergi üç günläp dowam eder.
XS
SM
MD
LG