Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow ÝB-niň wekili Pýer Morel bilen duşuşdy


15-nji noýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň nebiti we gazy –2011” atly halkara sergisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen ÝB-iň Merkezi Aziýa we Gürjüstan boýunça ýörite wekili Pýer Moreli kabul etdi.

Ýerli metbugatda berilen maglumata görä, jenap Morel türkmen gazyny dünýä bazaryna çykarmak üçin ýurtda alnyp barylýan syýasata ýokary baha beripdir.

Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen ÝB özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär. 2008-nji ýylyň 26-njy maýynda taraplaryň arasynda Energiýa pudagynda birek-birege düşünişmek we hyzmatdaşlyk boýunça Memoranduma gol çekildi.

Emma Türkmenistanda adam hukuklary bilen bagly ýagdaýyň ýaramaz bolmagy sebäpli, ÝB Türkmenistan bilen “Partnýorlyk we hyzmatdaşlyk boýunça” şertnama gol çekmän gelýär.

15-nji noýabrda ÝB-niň Merkezi Aziýa we Gürjüstan boýunça ýörite wekili Pýer Moreliň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde gepleşik geçirendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG