Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Eýrana hüjüm dünýä ykdysadyýetine zeper ýetirer


ABŞ-nyň goranmak ministri Leon Panetta Ysraýylyň goranmak ministri bilen 18-nji noýabra planlaşdyrylan duşuşygynda Eýrana garşy amala aşyryljak haýsy-da bolsa bir hüjümiň dünýä ykdysadyýetine zyýan ýetirjekdigi baradaky meseläni gozgajakdygyny aýtdy.

Şeýle hem Panetta harby hüjümiň Eýranyň ýadro prgrammasyny diňe bir ýa-da iki ýyl yza tesdirip biljekdigi baradaky bilermenleriň pikirine ünsi çekjekdigini bildirdi.

18-nji noýabrda Leon Panetta howpsuzlyk meselelerine bagyşlanyp, Kanadada geçirilýän forumda Ysraýylyň goranmak ministri Ehud Barak bilen duşuşyp, gepleşik geçirmegi planlaşdyrýar.

Eýranyň ýadro programmasy bilen bagly aladalar Halkara atom energiýasy gullugynyň soňky ýaýradan hasabatyndan bäri has-da artdy. Şol hasabatda Eýranyň ýadro ýaragyny döretmäge degişli iş alyp barandygy öňe sürüldi.
XS
SM
MD
LG