Öten agşam Liwiýanyň Milli geçiş geňeşi Muammar Kaddafiniň ozalky razwedka gullugynyň başlygy Abdullah al-Sanussiniň ele salnandygyny habar berdi.
Maglumata görä, Muammar Kaddafiniň häkimiýetden agdarlaly bäri gözlegde ýören Abdullah al-Sanussi Liwiýanyň günorta raýonynda tussag edilipdir.
Bu wakadan bir gün öň Muammar Kaddafiniň ogly Saif al-Islam hem Liwiýanyň Niger bilen serhet ýakasynda tussag edilipdi.
Şu ýylyň tomsunda BMG-niň Halkara Sudy Abdullah al-Sanussini we Saif al-Islami tussag etmek barada höküm çykarypdy. Emma Liwiýanyň geçiş hökümeti Saif al-Islamyň Liwiýanyň öz sudunda sud ediljekdigini mälim etdi.