Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistan Azerbaýjana gaýtargy berjegini aýdýar


Duşenbe güni Ermenistanyň häkimiýetleri şu geçen dynç alyş günleri Daglyk-Garabag regionynda iki sany ermeni esgeriniň azerbaýjanly snaýperler tarapyndan atylyp öldürilmegine gaýtargy beriljekdigini mälim etdiler.

Ermenistanyň goranmak ministri Dawid Karapetýan bu bolan waka üçin görüljek çäräniň Azerbaýjan tarapynyň eden işinden hem has ýowuz boljakdygyny nygtady.

Azerbaýjanyň goranmak ministri Teýmur Abdullaýew öz gezeginde şenbe we ýekşenbe günleri serhet ýakada ikitaraplaýyn atyşyklaryň ýüze çykmagynda ermeni harbylaryny aýyplady we bu waka olaryň meçew berendiklerini öňe sürdi.
XS
SM
MD
LG