Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan prezident Assada: 'Diktatorlaryň ykbalyndan sapak al'


Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýip Erdogan
Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýip Erdogan
Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýip Erdogan ýene-de Siriýanyň liderini häkimiýetden çekilmäge we protestçilere garşy ganly repressiýany bes etmäge çagyrdy.

Erdogan prezident Başar al-Assady beýleki diktatorlaryň ykbalyndan sapak almaga çagyrdy:

please wait

No media source currently available

0:00 0:00:32 0:00
Ýükle


—Eger-de tä ölümine çenli öz halky bilen söweşeniň mysaly gerek bolsa, nasistik Germaniýasyna seret, Gitlere seret, Mussolinä seret, Rumyniýanyň Çauşeskusyna seret. Eger-de bulardan hem sapak almaýan bolsaň, öz halkyna ýarag çenän we mundan 32 gün ozal hiç kimiň islemeýşi ýaly, edil seňki ýaly beýanatlary eden we öldürilen Liwiýanyň liderine seret.

Erdoganyň bu çagyryşy Assadyň režiminiň protestleri gazaply basyp ýatyrmagyny ýazgarýan BMG-niň rezolýusiýasynyň deslapky görnüşi boýunça ses berişlige gabat geldi.

Germaniýa rezolýusiýanyň deslapky görnüşini BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetine tabşyrypdy. Rezolýusiýa boýunça Baş Assambleýanyň ses berişligi dekabrda geçiriler.

Siriýanyň BMG-däki ilçisi rezolýusiýanyň deslapky görnüşini “urşuň deklarasiýasy” diýip atlandyrdy.

BMG-niň maglumatlaryna görä, Siriýada mart aýynda başlanan protestleriň wagşylyk bilen basylyp ýatyrylmagynda häzir çenli 3,500 töweregi adam öldürilipdir.
XS
SM
MD
LG