Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransuz, german we italýan ýolbaşçylary duşuşdylar


Penşenbe güni Fransiýanyň we Germaniýanyň döwlet liderleri Ýewropa Bileleşiginiň ykdysady syýasatyny has effektiw görnüşde dolandyrmak üçin, Bileleşigiň ozalky ylalaşyklaryna täze üýtgetmeleri girizmek barada teklipleri taýýarlaýandyklaryny yglan etdiler.

Bu beýanatyň öňýany Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi, Germaniýanyň kansleri Angela Merkel we Italiýanyň premýer-ministri Mario Monti Strasburgda özara gepleşik geçirdiler.

Bu gepleşikde olar ýewro zonasyndaky kiçiräk ýurtlarda ýüze çykan maliýe krizisiniň uly ýurtlara geçmek howpunyň öňüni almak meseleleri barada maslahat etdiler.
XS
SM
MD
LG