Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýadaky protestlerde ölenleriň sany dört müňe ýetdi


BMG-niň maglumatyna görä, Siriýada sekiz aýlap dowam edýän hökümete garşy protestleriň wagşylyk bilen basylyp ýatyrylmagynda häzire çenli 4 müň töweregi adam ölüpdir.

BMG-niň adam hukuklary boýunça Baş komissary Nawi Pilleýiň aýtmagyna laýyklykda, ölenleriň hakyky sanynyň mundan hem ýokary bolmagy mümkin.

Pilleýiň sözlerine görä, Siriýada has köp harbynyň Başar al-Assadyň režimine garşy ýarag alyp çykmagy netijesinde, ýagdaýlaryň graždan urşuna hem ýazmak howpy bar.
XS
SM
MD
LG