Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Jo Baýden Türkiýäni Eýrana basyşyny güýçlendirmäge çagyrdy


Anna güni Türkiýä sapar edýän ABŞ-nyň wise prezidenti Jo Baýden Ankarany Tähranyň gapma-garşylykly ýadro işlerini togtatmagy üçin Eýrana basyşyny güýçlendirmäge we oňa garşy gadaganlyklar girizmäge çagyrdy.

Baýdeniň Türkiýäniň “Hürriýet” gazýetinde çap edilen interwiýysynda aýtmagyna görä, ABŞ Eýranyň ýadro programmasy boýunça oňşuksyzlygyň diplomatik çözgüdini goldamagyny dowam edýär.

Emma, Amerika öz ýaranlaryny şol sanda, Türkiýäni Eýrana garşy täze gadaganlyklar girizmek üçin ädimler ätmäge çagyrýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG