Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat-Türkmenabat ýolagçy otlusy iki ulag bilen çaknyşdy


Lebap welaýatyndan gowşan maglumata görä, şu gün Aşgabat-Türkmenabat ýolagçy otlusy iki ýerde awtoulag bilen çaknyşypdyr. Şol sebäpli otlynyň Türkmenabat şäherine üç ýarym sagat gijä galyp gelendigi aýdylýar.

Repetek – Zerger stansiýalarynyň aralygynda ýüz beren çaknyşyklaryň ilkinjisiniň ir sagat 7-e bolandygy, iki sagatdan soň bu otlynyň ýene-de bir awtoulag bilen çaknyşandygy habar berilýär.

Ölenler ýa-da ýaralananlar barada häzirlikçe maglumat ýok.

Berilýän maglumata görä, soňky döwür şeýle wakalar ýygy-ýygydan ýüz berýär. Muňa demir ýol işgärleriniň ştatynyň kemeldilmeginiň, netijede demir ýol geçelgeleriniň köpüsiniň goragsyz galmagynyň sebäp bolýandygy aýdylýar.

Ýakynda, 3-nji dekabyrda Türkmenistanda ýol hereketiniň täze düzgünleriniň girizilendigi habar berildi. Olaryň ýol heläkçilikleriniň öňüni almak babatdaky işleriň has netijeli bolmagy üçin, hem-de ýol hereketi bilen bagly düzgünleri halkara ölçeglerine laýyk getirmek üçin girizilendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG