Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kameron ÝB-niň täze şertnamasy boýunça şert goýdy


Ýewropa Bileleşiginiň esasy dokumentlerindäki täze özgertmelerde Londonyň bähbitleri göz öňünde tutulmadyk ýagdaýda Beýik Britaniýa şertnamany goldamaz. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň Brýusselde geçiriljek sammitiniň öň ýanynda Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron mälim etdi.

Kameronyň sözlerine görä, ýewrozonada býudjet bileleşigi döredilen ýagdaýda Britaniýanyň maliýe sektory goranyş kepilnamasyny almaly. Şeýle hem, ýewrony ýa-da Britaniýa ýaly öz milli walýutasyny ulanýan Ýewropa Bileleşiginiň ähli döwletleri üçin bitewi bazar saklanyp galmaly.

Ýewropa Bileleşiginiň täze şertnamasynyň düzülmegi barada mundan ozal Fransiýanyň we Germaniýanyň liderleri çykyş edipdiler. Täze şertnamany düzmek bilen, ýewrozona girýän ähli ýurtlaryň ýa-da bütin Ýewropa Bileleşiginiň maliýe tertip-düzgünlerini ýerine ýetirmeklik maksat edinilýär. Bu düzgünler hem-de bütewi ýewropa walýutasyny goldamak bilen bagly beýleki meseleler Brýusselde anna güni geçiriljek sammitde maslahat ediler.
XS
SM
MD
LG