Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik türmesinde tussaglar açlyk çekýärler


Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň türmelere gözegçilik edýän prokurory welaýatdaky berk düzgünli türmede tussaglaryň açlyk çekýändigi baradaky habarlary ýalana çykarýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy maglumat berýär.

Prokuror Faýzullo Holow özüniň we öz edarasyndan bolan toparyň her aýda üç gezek Hatlondaky ähli türmä sapar edýändigini hem haýsydyr bir tussagyň açlyk çekenini görmändigini aýtdy.

Holow türmelerdäki ähli tussag barada kanun boýunça alada edilýändigini sözüne goşdy. Onuň sözlerine görä, tussaglar ýyly baraklarda saklanýarlar we günde üç gezek naharlanýarlar.

Emma Gorgandepe şäherindäki türmäniň adynyň tutulmagyny islemedik tussagy bäş bendiniň 1-nji dekabrdan bäri açlyk çekýändigini jübi telefon arkaly Azatlyk Radiosyna habar berdi. Olar türmäniň sakçylarynyň bikanun hereketlerine protest bildirýärler.

Prokuror Holow Gorgandepe şäherinde ýerleşýän türmedäki ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosyndan eşidenden soňra, bu maglumatyň dogrulygyny barlamak üçin, ol ýere sapar etjekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG