Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedew protestçileriň täze saýlaw geçirmek talabyny ret edýär


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew ýurt boýunça geçirilen protestlerde saýlawlary täzeden geçirmek barada edilen talap bilen ylalaşmaýandygyny aýtdy.

4-nji dekabrda geçirilen saýlawlarda «Bütewi Orsýet» partiýasy köp ses alandygyny aýdýar, emma protestçiler saýlawda galplyk edilendigini öňe sürýärler.

10-njy dekabrda diňe Moskwanyň özünde on müňlerçe adam proteste çykyp, täze parlament saýlawyny geçirmäge hem tussag edilen protestçileri boşatmaga çagyrdy.

Medwedew özüniň “Feýsbuk” sahypasynda protestlerde edilen çagyryşlar we şygarlar bilen ylalaşmaýandygyny aýtdy. Ol mümkin bolan düzgün bozmalar bilen baglylykda saýlaw stansiýalarynyň ählisiniň maglumatlaryny barlamak barada görkezme berendigini gaýtalady.

Ýekşenbe güni Moskwanyň merkezinde toplanan 300 çemesi milletçi ýurduň syýasy meýdanynda etniki ruslara has köp orun berilmegini talap etdi.
XS
SM
MD
LG