Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putiniň ýarany täze liberal partiýa döretmek isleýär


Orsýetiň ozalky maliýe ministri we Putiniň uzak wagtlyk ýarany Alekseý Kudrin, golaýda bolan paralament saýlawlaryndan soň, rus syýasatynda dörän böwşeňligi doldurjak täze liberal partiýany döretmäge çagyrdy.

Şenbe güni onlarça müň orsýetli 4-nji dekabrda bolan saýlawlaryň netijelerine protest bildirdi. Oppozisiýa bu saýlawlaryň dolandyryjy “Bütewi Orsýet” partiýasynyň peýdasyna galplaşdyrylandygyny aýdýar.

Synçylar Kudriniň teklibiniň premýer-ministr Wladimir Putine nägileligi gowşatmak üçin ugur-ýol görkezmeginiň ahmaldygyny çaklaýarlar.

Şeýle-de Kudrin, protestçileriň parlament saýlawlarynyň galplaşdyrylandygy barada aýdýanlary anyklanmasa, martda Putiniň ýeňmegine garaşylýan prezident saýlawlarynyň hem kanunylygyna kölege düşjegini duýdurdy.
XS
SM
MD
LG